Adidas çärýek girdejisini üç esse azaltdy

  • 13.11.2022 12:13
  • 4.2k+

Dünýäde sport harytlaryny öndürmek boýunça ikinji orunda durýan Adidas AG 2022-nji ýylyň iýul – sentýabr aýlarynda girdejiniň ýokarlanandygyna garamazdan, arassa girdejisini tas üç esse azaltdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Hasabat çärýeginde kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 984 mln ýewro garşy 352 mln ýewro boldy. Dowam edýän amallardan gelýän arassa girdeji bir ýyl ozalky 479 mln ýewrodan 66 mln ýewro çenli peseldi. Operasion girdeji 16% - 564 mln ýewro çenli azaldy.
Adidas-yň çärýek girdejisi 11,4% ýokarlanyp, 6,41 mlrd ýewro ýetdi. Kompaniýa ýylyň başyndan bäri dördünji gezek ýyllyk çaklamasyny peseltdi. Ýylyň jemi boýunça girdejiniň walýuta hümmetiniň üýtgemegini hasaba almazdan, 1-3% ýokarlanmagyna garaşylýar, öň 4-6% bolar diýlip çaklanypdy.
Şu ýyl dowam edýän amallardan gazanylýan arassa girdeji, takmynan, 250 mln ýewro bolar.
Soňky üç aýda kompaniýanyň bazar bahasy 29% - 20,9 mlrd ýewro çenli peseldi.


30.04.2026 20:03
5.7k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

20.04.2026 14:51
2k+

Kith we adidas 70-nji ýyllaryň nysagyndan ruhlanýan täze toplum hödürlediler

«Kith» we «adidas Originals» brendleri 1970-nji ýyllaryň moda dünýäsinden ylhamlanyp, bilelikde täze toplum çykardylar. Bu kolleksiýa öz içine «BW Army», «Samba» we «Japan» ýaly meşhur görnüşleriň......

15.04.2026 14:39
2.4k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

08.03.2026 17:52
4.2k+

Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar...