Bitkoinyň bahasy 2020-nji ýyldan bäri birinji gezek 16 müň dollardan aşak düşdi

  • 13.11.2022 11:52
  • 4.1k+

Bitkoin söwdalaşyklaryň sessiýasynyň dowamynda 10-njy noýabrda 13,51% aşaklap, 15,844 müň dollara çenli düşdi. Bu barada Coindesk-de habar berilýär diýip, gazeta.ru ýazýar.

Şonda agzalan kriptowalýutanyň bahasy soňky gezek 2020-nji ýylyň noýabrynda 16 müň dollardan aşak düşüpdir. Bitkoin duşenbe güni söwda sessiýasynyň dowamynda ösüşini çaltlaşdyrdy we 25,06 müň dollar derejesinde söwdalaşyldy diýip, 15-nji awgustda habar berlipdi.
Kriptowalýutanyň iýuldaky oňyn ösüşi bazaryň gatnaşyjylaryna artyk umyt baglatmaly däl, çünki kotirowkalaryň 24% ýokarlanandygyna garamazdan, bitkoin öz maksimumyndan 66% pes söwdalaşylýar, ählumumy peselýän trend öz güýjüni saklaýar diýip, ondan öň Esperio kompaniýasynyň uly analitigi gürrüň berdi. Täze habaryň çykan pursady bitkoiniň bahasy 24 müň dollar töwerek boldy.  


25.03.2026 15:47
10k+

Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler...

08.02.2026 05:00
5.1k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

13.11.2025 11:16
5.2k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

23.05.2025 13:00
14k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...