Täze Audi Q8 e-tron bilen tanyşdyryldy

  • 12.11.2022 08:27
  • 14k+

Audi nemes kompaniýasy dört ýyl mundan öň goýberilen asyl nusgadaky e-tron-nyň mirasdüşeri bolan Audi Q8 e-tron bilen tanyşdyrdy. Täze ulag elektriki platformada gurlan we öňki modeli bilen deňeşdirilende çynlakaý gowulandyrmalara eýe boldy.

Täze Audi Q8 e-tron-y 2022-nji ýylyň noýabrynyň ortalaryna sargyt edip bolar, Germaniýanyň we beýleki ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynda ol 2023-nji ýylyň fewral aýynda satylyp başlanar. Indiki ýylyň aprelinde ol ABŞ-dada çykar. Germaniýadaky bahasy 74 400 ýewrodan başlanar.
Audi-niň täze elektrokarynyň salonyndaky köp bölekler täzeden işlenen materiallardan ýerine ýetirilen, meselem, haly örtügi. Displeýiň aşagyndaky dekoratiw wstawkasy bolsa bölekleýin täzeden işlenen plastik çüýşelerden taýýarlanan. Elektromobiliň içinde diagonaly 10,1 we 8,6 dýum bolan iki sany uly displeý oturdylan, olar adaty öwrenişilen fiziki öçürip-ýakyjylaryň we düwmeleriň ornuny tutýar. Şeýle-de uly panorama üçegi hem bar. 


düýn 18:36
2k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.8k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......