Aşgabatda okuwçylaryň arasynda robot enjamlaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik geçiriler

  • 11.11.2022 13:04
  • 7532
Aşgabatda okuwçylaryň arasynda robot enjamlaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik geçiriler

Robot enjamlaryna gyzyklanma türkmen ýaşlarynyň arasynda, aýratyn hem, mekdep okuwçylarynyň arasynda barha giň gerime eýe bolýar. Bu ugurda ukyp başarnyklaryny görkezip, taýýarlan robot enjamlaryny bäsleşikde synag etmek isleýänler üçin Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde tehnologiýa şüweleňi geçirilýär.

2022-nji ýylyň 12-13-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdepde «Sanly ulgam bilen döredýäris, gurýarys  ―  Halkyň Arkadagly zamanasynda» diýen şygar astynda paýtagtymyzyň mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda robot enjamlaryny taýýarlamak boýunça bäsleşigi guralýar.
Robot bäsleşigi:

  • «Sumo robot ýaryşy»;
  • «Labirint ýaryşy»;
  • «Proýekt ýaryşy» ugurlar boýunça geçiriler.

Bäsleşik 12-nji noýabrda — 14:00-da; 13-nji noýabrda — 11:00-da geçiriler.
«Dana» bilim merkezi hem-de 87-nji orta mekdebi tarapyndan guralýan bu bäsleşige paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary çagyrylýar.
Bäsleşige tomaşa etmäge islendik adam gelip biler.

Bäsleşik boýunça goşmaça maglumat almak üçin habarlaşyp bilersiňiz: +99362-36-91-63


13.06.2022 10:32
4537

Aşgabatda gibrid görnüşde Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirilýär

12-nji iýunda Aşgabatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni...

29.11.2022 13:37
3088

NASA-nyň «Apollon-1» Aý arş gämisi uçuş rekordyny täzeledi

NASA Artemis 1-iň maksatnamasynyň jikme-jiklikleri baradaky habarlary paýlaşmagyny dowam edýär. Soňky habarlara görä, hemme zat diýseň oňat ýagdaýda geçýär. Bu gezek NASA missiýanyň çäklerinde uçurylan Orion arş...

29.11.2022 13:16
10175

Ýer ýüzüniň alymlary goşmaça sekuntdan ýüz öwürmegi karar etdiler

Ýer ýüzüniň ähli hronometrçileri 2035-nji ýyla çenli goşmaça sekuntdan ýüz öwürmek üçin ses berdiler. Ol ýarym asyrdan bäri her ýyl goşulyp gelinýär, bu bolsa mydama düzediş girizilip durulmaly bolýan programmalar...

25.11.2022 23:58
8090

Times: NASA 2030-njy ýyla çenli Aýyň üstünde baza gurar

ABŞ-nyň Aeronawtika we älem giňişliginiň barlagy boýunça milli müdirligi (NASA) 2030-njy ýyla çenli Aý bazasyny gurmagy meýilleşdirýär, ol ýerde alymlar Artemis Aý maksatnamasyna laýyklykda ýaşap we işläp bilerler...