HHR-da epidemiýa garşy çäreler sebäpli iPhone 14-iň önümçiligi haýallady

  • 10.11.2022 13:05
  • 6.7k+

Hytaý tarapyndan koronawirus ýokanjyna garşy göreşe gönükdirilen çäklendiriş çäreleri Apple kompaniýasynyň iPhone smartfonlarynyň iki sany täze modeliniň önümçiligine ýaramaz täsirini ýetirdi. Bu barada  kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar.

"COVID-19 (bilen bagly) çäklendirmeler Hytaýyň Çžençžou şäherinde ýerleşen, iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max smartfonlaryny ýygnamak boýunça esasy kärhananyň işine wagtlaýyn täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda kärhana juda pes kuwwatynda işleýär " - diýip, korporasiýada mälim etdiler. 

Şeýle-de, Apple işçileriň saglygy we howpsuzlygy baradaky alada kompaniýanyň artykmaçlygy hasaplanýar diýip habar berdi. "Önümçiligi kadaly derejesine  getirmek üçin biz üpjün edijimiz bilen ysnyşykly işleýäs " - diýip, kompaniýada sözüniň üstüne goşdular. 
2-nji noýabrda ýokanjyň güýjemeginiň bellige alynmagy bilen bagly Hytaýyň hökümeti Taýwanyň Foxconn elektronikasyny öndürýän zawodynyň - iPhone telefonlaryny öndürmek boýunça iň iri kärhananyň ýerleşen ýeri bolan howa menziliniň ykdysady zolagynda epidemiýa garşy berk çäreleri girizdi. 
ABŞ-da iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max degişlilikde 999$ we 1099$-dan satylýar. 


düýn 11:17
4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....