Puma-nyň öňki direktory Býorn Gulden Adidas-a ýolbaşçy bolar

  • 10.11.2022 12:58
  • 8.6k+

Puma SE-niň ozalky baş ýerine ýetiriji direktory Býorn Gulden 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Adidas AG-a ýolbaşçylyk eder diýip, sport harytlaryny öndürmekde ululygy boýunça dünýäde ikinji ýerde durýan öndürijiniň habarynda aýdylýar.

Kompaniýa 2016-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän, Adidas-yň häzirki СЕО-sy Kasper Rorsted 11-nji noýabrda anna güni wezipesinden boşar we ýylyň aýagyna çenli onuň wezipesini maliýe direktory Harm Olmeýer ýerine ýetirer.
Guldeniň wezipesi adidas-y çökgünlikden çykarmak. Amerikaly sazanda Kanýe Uestiň twitterde aýdan garşylykly pikirinden soň hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygyň ýatyrylmagy agzalan çökgünligiň soňky tapgyry bolupdy. Adidas Uest bilen kollaborasiýada döredilen Yeezy hatarynyň harytlaryny öndürmegi bes eder, bu bolsa 2022-nji ýylda kompaniýanyň arassa girdejisini takmynan 250 mln ýewro kemelder.
Gulden öň adidas-da 1992-1999-nji ýyllar aralygynda uly wise-prezidentiň wezipesinde işlän diýip bellenýär. Ondan hem başga, ol biraz wagt Daniýanyň Pandora zergärçilik kompaniýasyna baştutanlyk edipdir.
Adidas-yň paýnamalary sişenbe günki söwdalaşyklarda 1,5% gymmatlaýar. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitalizasiýasy 54%, 20,8 mlrd ýewro çenli pese gaçdy.


10.01.2026 18:02
2.4k+

Adidas Çempionlar ligasynyň geljekki pleý-off oýunlarynyň resmi topuny görkezdi

Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi. Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi...

21.12.2025 14:19
8.3k+

Adidas Mohamed Salah üçin Müsüriň taryhyndan ylham alan aýratyn butsyny döretdi

Adidas kompaniýasy öz resmi saýtynda «Liwerpulyň» we Müsüriň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mohamed Salah üçin ýörite döredilen täze F50 butsy modelini görkezdi. Sport aýakgabynyň daşky görnüşi Gadymy Müsüriň taryhyna we futbolçynyň mirasyna salgylanýar...

14.11.2025 11:39
6.4k+

Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi

Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar...

28.10.2025 06:57
3.4k+

Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar

Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär. Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir...