Luis Enrike Madridiň «Atletikosyna» tälimçi bellenip biler

  • 10.11.2022 12:53
  • 10k+

Ispaniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Luis Enrike Madridiň «Atletikosyna» tälimçi bellenmegi mümkin diýip, El Confidencial ýazýar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Katardaky dünýä çempionatyndan soň hünärmen, megerem, ispan ýygyndysyndan gitse gerek.
«Atletikonyň» baş direktory Hil Marin Enrikeni baş tälimçiniň wezipesine bellemek meselesine seredýär. Baryp-ha 2011-nji ýylda, topara heniz Diego Simeone gelmezden öň hünärmen bilen gepleşikleriň geçirilip başlanandygy bellenýär.
«Atletiko» 13 oýunda 24 utuk jemlemek bilen, La Liganyň turnir tablisasynda üçünji orny eýeleýär.
Noýabr-dekabr aýlarynda Katarda geçjek DÇ-da ispaniýalylar E toparda Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we Kosta-Rikanyň toparlary bilen oýnar. 


düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......