Sadio Mane Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşmaz

  • 09.11.2022 16:06
  • 18k+

«Bawariýanyň» we Senegalyň hüjümçisi Sadio Mane Katarda geçiriljek futbol 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaz. Bu barada L'Equipe fransuz neşiri habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, Bundesliganyň «Werdere» garşy duşuşygynyň (6:1) 15-nji minudynda Maneniň alan şikesi öň çaklanylyşyndan agyr çykdy, şonuň üçin Mane dünýä birinjiligi tamamlanýança aýaga galyp bilmez.
Deslapky anyklamanyň görkezmegine görä, Maneniň aýagyna ýeňil urgudan soň nerwi dartylypdyr, emma soňra senegally futbolçynyň suhožiliýasyna (siňir) zyýan ýetendigi belli boldy. Bu hili şikesden saplanmak üçin ortaça birnäçe hepde gerek.
Ýatlatsak, Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçer. Ýaryşyň açylyş duşuşygynda Katar Ekwador bilen duşuşar.


düýn 23:41
1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......