Fransiýanyň Bretan sebitinde deňiz tolkunlary gorag astyna alnar

  • 09.11.2022 12:07
  • 4.7k+

Fransiýanyň Bretan sebitinde özboluşly deňiz tolkunlaryny gorap saklamaga kömek etjek goraghana döredildi. Bu indi bu ýerde deňiz gurşawyna zyýan ýetirip biljek islendik işiň gadagan edilendigini aňladýar diýip, euro-pulse.ru habar berýär.

Goraghanany döretmek pikirini öňe süren ýerli sýorferler boldy. Olaryň aýtmagyna görä, bu ýerde tolkunlaryň özboluşly fiziki gurluşy bolup, deňiz suwlarynda bent, port ýa-da ýel degirmenlerini gurmak kararyna gelinse, olar bozulyp biler. Mundan başga-da, goraghananyň statusy ýerli ekoulgamy we suwuň arassalygyny goramaga kömek eder.
Bretan güýçli ýeli we ägirt tolkunlary sebäpli dünýäniň dürli künjeklerinden sýorferleriň iň söýgüli ýeridir. Mundan başga-da, her ýyl sebite Atlantik ummanynyň güýjüne syn etmek üçin müňlerçe syýahatçy barýar. Häzire çenli bu ýerler zyýanly täsirlerden kanuny taýdan goragly däldi we aýratyn goralýan obýektlere degişli edilmändi.


25.06.2026 19:11
5.4k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......