Fransiýanyň ýaşaýjysy lotereýada 160 mln ýewro utdy

  • 06.11.2022 23:43
  • 11k+

160 mln ýewrolyk EuroMillions ýewropa lotereýasynyň nobatdaky tiražynyň baş baýragy geçen anna güni oýnaldy we ol Fransiýanyň ýaşaýjysyna nesip etdi. Bu barada şenbe güni Le Parisien gazeti ýazdy diýip, TASS habar berýär.

Neşiriň takyklamagyna görä, bu lotereýanyň tutuş taryhynda Fransiýada iň uly ýedinji utuşdyr. Ýurtda iň uly utuşy 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Fransuz Polineziýasynyň ýaşaýjysy alypdy, oňa nesibeli petegi 220 mln ýewro getiripdi. 
Bagty çüwen adamyň şahsyýeti köpçülige aýan edilmeýär, diňe bir zat belli, ol hem utuşly bilet respublikanyň Pa-de-Kale departamentinde satyn alnypdyr. 1 mln ýewro utan käbir ýeňijiler utuş hakynda garyndaşlaryna, aýratynam çagalara aýtmandyklaryny, sebäbi bu habary deň-duşlarynyň ýanynda gürrüň eden çagalary päliýamanlaryň pul üçin ogurlamaklarynyň mümkindigini, şondan howatyr edýändiklerini boýun aldylar. 
Ýeňiji baýraga bolan hukugyny mälim etdimi ýa ýok, heniz belli däl - munuň üçin oňa 60 gün möhlet berilýär. Şu möhlete çenli utuşa hiç kim eýe çykmasa, 10 mln-dan uly utuşlar lotereýanyň dolanyşygyna gaýtarylyp berilýär.  Şondan az pullar bolsa, 2019-njy ýylyň kanunyna laýyklykda , döwletiň girdejisine öwrülmeli. 2020-nji ýylda fransuz gaznasy şeýle görnüşde 70 mln ýewro,  2021-nji ýylda bolsa 150 mln ýewro   artdy.


05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7.5k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......