Şumaheriň ýeňiş getirýän “Ferrarisi” Ženewada auksiona çykaryldy

  • 06.11.2022 10:47
  • 8k+

Meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaheriň 2003-nji ýylda geçirilen “Formula-1” ýaryşynyň altynjy gezek çempiony bolan wagtynda süren “Ferrari” awtoulagy “Sotbis” auksionynda satuwa çykaryldy. Bu barada “Reutersiň” maglumatlaryna salgylanyp, gazeta.ru ýazýar.

Bilermenleriň bahalandyrmalaryna görä, ýaryş awtoulagy 7,6 million dollardan 9,4 million dollar aralygynda satylar. “Sotbis” auksiony Ženewada 90-njy noýabrda geçirilýär. Degişli loty haýsydyr bir höwesjeň ýaryş awtoulaglaryny sürüjiniň ýa-da sungat eserlerini toplaýjynyň satyn almagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, 2003-nji ýyldaky möwsümde hut şol “Ferraride” Şumaher Gran-prileriň 5-sini eýelemegi başardy. Häzirki Mihael Şumaher 53 ýaşynda. Onuň hasabynda “Formula-1” ýaryşlarynyň 7 ýeňşi bar. Şolaryň 5-sini bolsa meşhur sürüji hut “Ferrari” düzüminde gazandy.


03.03.2026 11:39
987

Formula-1 McLaren topary Ferrari we Mercedes-den has az pul baýragyny gazandy

PLanetF1 neşiri Formula-1 toparlarynyň 2025 möwsümi üçin alan pul baýraklaryny hasaplady. Geň ýeri, soňky iki ýylyň Konstruktorlar kubogynyň eýesi bolan McLaren toparlarynyň arasynda 165,8 million dollar bilen dördünji orny eýeledi...

08.02.2026 00:19
5.2k+

Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir...

21.04.2025 10:11
2.3k+

Piastri Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Lekler “Ferrarä” ilkinji baýrakly orny getirdi

Saud Arabystanynda 2025-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň bäşinji tapgyry geçirildi. Ýaryşda birinji orny 50 aýlawy 1 sagat 21 minut 6.758 sekuntda geçen “Maklarenden” Oskar Piastri eýeledi. Bu onuň möwsümde üçünji ýeňşidir...

21.03.2025 18:47
3.2k+

Hemilton Hytaý Gran-prisiniň ýaryş ýolunda iň tiz aýlaw rekordyny täzeledi

Ýedi gezek dünýä çempiony, «Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton Şanhaýdaky (Hytaý) ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Ol dört gezek dünýä çempiony Sebastýan Fetteliň 2018-nji ýylda Hytaý Gran-prisiniň saýlama...