Müsürdäki BMG-niň klimat sammitine 120 ýurtdan Prezidentler we Premýer-ministrler gatnaşarlar

  • 06.11.2022 09:31
  • 7k+

Dünýä ýurtlarynyň 120-den gowragynyň Prezidentleri we Hökümet Baştutanlary golaýda Müsüriň Şarm-eş-Şeýh şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 27-nji maslahatyna (COP27) gatnaşjaklaryny tassykladylar. Bu barada 4-nji noýabrda COP27-de ýolbaşçylyk edýän Müsüriň ýörite wekili Abu Majid sammite bagyşlanyp, onlaýn görnüşde geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi.

Abu Majidiň: “Azyndan 121 ýurtdan döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşýarys, bu san köpelip hem biler” diýen sözlerini trend.az öz habarynda getirýär.
Onuň sözlerine görä, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň sammite gatnaşjakdygy tassyklanylmady. Muňa garamazdan, şu ýylky sammite Afrika ýurtlarynyň köpüsiniň Liderleri gatnaşarlar.
Müsür sammite raýat guramalarynyň köp sanlysynyň gatnaşmagyna hem garaşýar. Respublikanyň diplomatik wekilhanalary çärä gatnaşjaklaryň 1500 töweregine wiza berdi. COP27 sammiti 6 — 18-nji noýabr aralygynda geçiriler.


05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 15:42
1.6k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......