Ysraýylyň ozalky Premýer-ministri Netanýahu parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

  • 06.11.2022 09:27
  • 5k+

Geçen ýyl wezipesinden giden Ysraýylyň ozalky Premýer-ministri Binýamin Netanýahu Knessetiň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Onuň ýolbaşçylygyndaky «Likud» partiýasy ýurduň parlamentinde sesleriň esasy köplügini gazandy.

Ysraýylda 1-nji noýabrda ýurduň parlamentine saýlawlar geçirilip, oňa gatnaşanlaryň sany 71,3 göterime deň boldy. Ol 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir. Saýlawlaryň netijeleri 3-nji noýabrda mälim edildi: “Binýamin Netanýahy we onuň partiýasy «Likud» 23,41 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy” diýip, Ysraýylyň Merkezi saýlaw topary habar berdi.
«Likud» Knessetdäki 120 ýerden 30-syny gazandy. “Saýlawlarda bary-ýogy 17,78 göterim ses alan ýurduň häzirki Premýer-ministri Ýair Lapid eýýäm Netanýahuny gazanan ýeňşi bilen gutlady” diýip, Ysraýylyň “Ga-Ares” gazeti ýazýar.


12.09.2025 11:16
13k+

Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenb güni Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgaryp, beýanat bilen çykyş etdi. Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar...

20.06.2023 18:07
12k+

Raşid Meredow Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon arkaly gepleşdi

Şu gün, 20-nji iýunda Ysraýyl tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeniň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi....

21.04.2023 12:11
22k+

Aşgabat Ysraýylda ilçihanasyny açmak meselesine garaýar — Türkmenistanyň Prezidenti

20-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen...

03.04.2023 22:04
7.1k+

20-nji aprelde Ysraýylyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabat şäherine sapary 20-nji aprelde meýilleşdirilýär. Bu barada Ierusalimiň  The Times of Israel  onlaýn-gazetiniň ýekşenbe güni agşam beren habarynda aýdylýar. Geçen...