Žerar Pike “Barselonadan” gidýändigini we karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi

  • 04.11.2022 12:38
  • 12k+

“Barselonanyň” goragçysy Žerar Pike sosial ulgamlarda katalon klubundan gidýändigi we karýerasyny tamamlaýandygy barada habar berdi. 35 ýaşly futbolçy hoşlaşyk wideosyny ýerleşdirip, onda özüniň gelen netijesi barada aýtdy. La Liganyň 13-nji tapgyrynyň “Almeriýa” bilen oýny Pike üçin “Barselonada” iň soňky oýun bolar. Bu barada championat.com habar berýär.

“Siz [Barselonanyň janköýerleri] maňa ähli zady berdiňiz, indi bolsa, çaganyň arzuwlary hasyl bolandan soň men bu tegelegi ýapmagyň wagty gelendigini aýtmak isleýärin. Men “Barsadan” soň başga toparyň bolmajakdygyny hemişe aýdardym we bu, hakykatdanam, şeýle. Şu şenbe güni “Kamp Nouda” meniň iň soňky oýnum bolar” – diýip, Pike wideoda aýtdy.

Pike “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysydyr, 2004-nji ýylda ol “Mançester Ýunaýtede” geçdi, 2006-njy ýylda bolsa “Real Saragosa” ýyllyk kärendesine iberildi, 2008-nji ýylda “Barselona” gaýdyp geldi.
Bu döwürde “Barselona” bilen bilelikde Ispaniýanyň çempionatynda 8 gezek, Ispaniýanyň Kubogynda 7 gezek, Ispaniýanyň Superkubogynda 6 gezek, Çempionlar ligasynda 3 gezek, UEFA-nyň Superkubogynda 3 gezek we Klublaýyn dünýä çempionatynda 3 gezek ýeňiş gazandy. 2010-njy ýylda ispan Premýerasynyň iň gowy goragçysy diýlip bellenildi, şol ýyl ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy. Milli topar bilen bilelikde Ýewro-2012-de hem ýeňiş gazandy.


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......