Jon Tolkin iň köp girdeji gazanan merhum meşhur adamlaryň sanawynda birinji orny eýeledi

  • 02.11.2022 22:58
  • 15k+

«Forbes» amerikan žurnaly iň köp girdeji gazanýan merhum meşhur adamlaryň ýyllyk reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny “Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory Jon Tolkin eýeledi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Hünärmenler ýazyjynyň ýyllyk girdejisini 500 mln dollar diýip bahalandyrdylar. Şu ýyl Tolkiniň döredijiliginiň käbir elementlerini ulanmaga hukugy bolan Middle-Earth Enterprisese kompaniýasynyň satuwy hem amala aşyryldy.
“Forbes-iň” sanawynda ikinji orunda amerikaly basketbolçy Kobi Braýant (1978-2020) ýerleşdi. Ol beýlekiler bir hatarda BodyArmor firmasyndaky paýynyň satylmagyndan bir ýylda 400 mln dollar gazandy. Üçünji orny baýlygy bir ýylda 250 mln dollar artan britaniýaly sazanda we aktýor Dewid Boui (1947-2016) eýeledi.
Şeýle-de, sanawa amerikaly sazandalar, ýagny bir ýylda 110 mln dollar “baýan” Elwis Presli (1935-1977), 100 mln dollar bilen Jeýms Braun (1933-2006) we 75 mln dollar bilen Maýkl Jekson (1958-2009) girdi. Kanadaly şahyr, ýazyjy we aýdymçy Leonard Koen (1934-2016) bir ýylda 55 mln dollar aldy, amerikaly çagalar ýazyjysy Teodor Sýuzyň (1904-1991) mirasy oňa bir ýylda 32 mln dollar getirdi.
Belläp geçsek, “Forbes” satuwdan, striming platformalarynda diňlemelerden, ygtyýarnama şertnamalarynyň baglaşylmagyndan gazanylan girdejileri göz öňünde tutýar.


19.03.2026 13:52
8k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.8k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

12.03.2026 16:43
4.7k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...