Harper Collins neşirýaty 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

  • 02.11.2022 22:28
  • 6.9k+

Iňlis diliniň düşündirişli sözlügini çykarýan Harper Collins neşirýaty “permacrisis” (“permakraýsiz” ýa-da “hemişelik çökgünlik”) sözüni 2022-nji ýylyň sözi diýip kesgitledi. Bu barada neşirýatyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

Sözlügi düzüjiler bu düşünjäni “durnuksyzlygyň we durnuksyz ýagdaýyň dowamly döwri” hökmünde häsiýetlendirýärler. Olar gelnen netijäniň sebäbini hut şu sözüň 2022-nji ýylyň köp adamlar üçin näderejede ýaramaz bolandygyny gysga görnüşde we takyk görkezýändigi bilen düşündirýärler.
Mundan başga-da, Harper Collins hem Britaniýanyň içindäki, hem halkara derejesindäki wakalary göz öňünde tutup, häzirki ýagdaýy takyk suratlandyrýan ýene dokuz sözi saýlady. Olaryň arasynda “Kiýew”, “partygate” (partigeýt) ýaly dünýäde bolup geçýän wakalar bilen bagly sözler, şeýle-de “warm bank” söz düzümi bar. Ol “hususy öýlerini ýyladyp bilmeýän adamlaryň baryp biljek ýyly ýerini” aňladýar.
2022-nji ýylyň sözleriniň onlugynda “splooting” (penjelerini ýazyp ýatan haýwanyň rehimli durşy), “lawfare” (garşydaşy gorkuzmak ýa-da päsgel bermek üçin ýuridiki mehanizmleriň ulanylmagy), “quiet quitting” (ýuwaş işden çykarmak), “sportswashing” (gapma-garşy işlerden ünsi sowmak maksady bilen sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy) we “vibe shift” (agalyk ediji atmosferanyň ýa-da medeniýet gurşawynda tendensiýanyň düýpli üýtgemegi) ýaly sözler hem bar.
2021-nji ýylda Harper Collins ýylyň sözi hökmünde NFT abbrewiaturasyny saýlady, 2020-nji ýylda ol “lockdown” boldy.

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......