Medwedew ATP reýtinginde üçünji orna çykdy

  • 01.11.2022 19:11
  • 4k+

Russiýaly Daniil Medwedew Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde bir setir ýokary galdy. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär. Indi dünýäniň öňki birinji raketkasy üçünji orny eýeleýär. Dördünji orna norwegiýaly Kasper Ruud düşdi.

30-njy oktýabrda Medwedew Wenada geçirilen ATP-500 kategoriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy. Reýtingde birini orny henizem ispaniýaly Karlos Alkaras eýeleýär, onuň watandaşy Rafael Nadal ikinji orunda ýerleşýär.
Bäşinjiden ýedinjä çenli orunlary, degişlilikde, Stefanos Sisipas (Gresiýa), Aleksandr Zwerew (Germaniýa), Nowak Jokowiç (Serbiýa) saklady. Kanadaly Feliks Ože-Alýassim dokuzynjydan sekizinji orna galdy, ol russiýaly Andreý Rublýow bilen ornuny çalyşdy.
Ilkinji onlugy onunjy orundan Teýlor Frisi gysyp çykaran polşaly Hubert Hurkaç jemleýär.


şu gün 17:49
921

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....