Twitteriň öňki eýesi täze sosial tor döreder

  • 31.10.2022 10:23
  • 15k+

Twitter sosial torunyň şärikli esaslandyryjysy Jek Dorsi (Jack Dorsey) ýakynda täze taslamany işe goýberer. HBS-iň maglumatyna görä, ol Bluesky Social atly täze tory goýbermekçi bolýar.

Häzirki wagtda täze sosial toruň esasy aýratynlygynyň oňa beýleki torlardan akkauntlary geçirmegiň mümkindigi mälimdir. Şeýle-de täze sosial torda bir goşundyny ulanyp, dürli platformalaryň arasynda maglumatlary geçirmegiň mümkin boljakdygyny söz berýärler. Goşundynyň özüni entek ýapyk düzgünde synagdan geçirýärler, emma basym ony köpçülige elýeter ederler.
Şunuň ýaly sosial toruň nähili işlejekdigine häzirlikçe düşünmek kyn, şeýle goşundynyň köpçülik üçin wersiýasynyň çykjak möhleti heniz mälim edilenok. Şunlukda, Dorsi geljekki sosial toruň islendik başga biri bilen bäsleşige ukyplydygyny aýtsa-da, olaryň hut nämede bäsleşip biljekdiklerini düşündirmeýär.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
2k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...