“Türkmenhimiýa” “Navoiy Milling” özbek kompaniýasyndan fosforit ununy satyn alar

  • 29.10.2022 11:48
  • 9.1k+

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen fosforit ununy satyn almak barada şertnamany baglaşar. Bu baradaky degişli Kararyň taslamasy 28-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutany mejlisde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mineral dökünler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň hem-de himiýa önümçilikleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

21.03.2026 08:25
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...