Motorola eplenýän meşhur Razr modeliniň täze wersiýasyny hödürledi

  • 29.10.2022 07:37
  • 10k+

Motorola kompaniýasy Ýewropada çeýe ekranly Razr 22 smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol 2000-nji ýyllaryň hataryndaky adybir telefon-«raskladuşka» täze jogapdyr. Bu barada Gizmochina neşiri habar berýär.

Täze smartfon keseligine eplenýän, FHD+ razreşeniýeli we 144 Gs täzeleniş tizlikli 6,7 dýumlyk esasy P-OLED-ekrana, şeýle-de korpusyň daş tarapynda ýerleşýän diagonaly 2,7 dýum bolan goşmaça OLED displeýe eýe boldy. Gapagynyň ýagdaýynyň üýtgeýşine aýratyn Flex View şarnir jogap berýär. Ol ekran dürli burçlar boýunça eplenende, ony fiksirlemäge mümkinçilik berýär.
Razr 22-niň öndürijiligine 8 ýadroly Snapdragon 8 Plus Gen 1 prosessory, şeýle-de 8 GB-lyk operatiw ýat jogap berýär. Ulanyjylara maglumatlaryny saklamak üçin göwrümi 256 GB bolan toplaýjy göz öňünde tutulan. Razr 22 MyUX firma daş görnüşli Android 12 bilen işleýär.  
Täze smartfon kuwwaty 30 Wt bolan TurboPower tipli blok pitaniýa bilen zarýad berilýän 3500 mAç-lyk akkumulýator bilen enjamlaşdyrylan.
Agzalan smartfon 1199 ýewro bahadan eýýäm Ýewropada satuwa çykdy. Razr 22 diňe Satin Black reňkde çykýar.

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.7k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......