Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Hytaýa gaz ibermekde birinji boldy

  • 27.10.2022 17:43
  • 11k+

Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Hytaýa iň uly gaz iberiji boldy. Diňe awgust aýynda HHR 2,9 mlrd kub metr türkmen gazyny satyn aldy diýip, Hytaýyň Baş gümrük administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Awgust aýynda Hytaýa gaz ibermek boýunça Türkmenistan hatda HHR-e 2,4 mlrd kub metr gaz eksport eden Russiýadan hem öňe geçdi.

“Awgust aýynda Hytaý Russiýadan 409,37 mln dollar bahada tebigy gaz import etdi. Bu görkeziji 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir” – diýip, RF-iň DIM-niň HHR-däki metbugat gullugy belledi.

Hytaýa gaz eksport edijileriň arasynda üçünji orny awgust aýynda 2,278 mlrd kub metr iberen Awstraliýa eýeleýär.
Umuman, 2022-nji ýylyň awgust aýynda Hytaý 13,196 mlrd kub metr gaz (-4%), şol sanda turbageçirijiler arkaly 5,528 mlrd kub metr (+10%) we suwuklandyrylan tebigy gaz görnüşinde 7,668 mlrd kub metr (5,897 mln tonna) satyn aldy.
Türkmenistan subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Türkmen tebigy gazynyň üpjünçiliginiň esasy göwrümi Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç liniýasy arkaly Hytaýyň paýyna düşýär. Dördünji şahany Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan – Gyrgyzystan – Hytaý ugry boýunça geçirmek bellenildi. Türkmen gazynyň Hytaýa iberilişi ýylda 65 mlrd kub metre ýeter diýlip çak edilýär. 2021-nji ýylda Hytaýa, takmynan, 34 mlrd kub metr türkmen gazy iberildi.
Türkmenistan Russiýa we Azerbaýjana Eýranyň üsti bilen, Özbegistana Russiýanyň “Gazpromy” arkaly gaz iberýär.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...