Mansory-nyň Rolls-Royce Phantom-y 1 million ýewro satylar

  • 27.10.2022 13:31
  • 23k+

Nemes onlaýn-meýdançasyna meşhur Mansory atelýesiniň týunerleri tarapyndan modifisirlenen, heniz sürülmedik ekskluziw Rolls-Royce-i satlyga çykardylar. Köp sanly täzeden işlemeleriň dowamynda sedanyň kuzowyny karbon bölekleri bilen abzallaşdyryldy, salony dolulygyna täzelendi. Ondan hem başga, inženerler ştat motorynyň işjeňligini artdyrdylar. Ýeke-täk nusgadaky «Fantomy» üçin satyjy 975 000 ýewro almagy göz öňünde tutýar.

Mansory-yň hünärmenleri kuzowyň ähli hromlanan böleklerini garaňkyradylan ýa-da gara elementlere çalyşdylar.  Şonuň ýaly-da, týunerler radiatoryň gözeneginiň ýarysyny, 24 dýumlyk teker diskleriniň stupisalaryny we şereketiň Spirit of Ecstasy heýkeljigini mämişi öwüşginler bilen tapawutlandyrdylar.

Phantom mämişi deriniň gara we karbon elementleri bilen sazlaşygynda ýerine ýetirilen dolulygyna gaýtadan işlenen salona eýe boldy. Ondan hem başga, týunerler 6,75 litrlik V12-niň netijeliligini artdyrdy. Enjamyň kuwwaty 610 at güýjüne we aýlanýan pursady 950 Hm deň boldy (öň 571 at güýjüne we 900 Hm-a deňdi). Şonuň ýaly-da, kaşaň sedany geçirilýän klapanly sport goýberiş ulgamy bilen enjamlaşdyrdylar.


20.04.2026 09:01
3k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...