Ford 2023-nji ýylda Fiesta hetçbegini önümçilikden aýrar

  • 27.10.2022 13:22
  • 6k+

Ford konserniniň Ýewropa bölünmesi 2023-nji ýylda — modeliň peýda bolanyndan 46 ýyl we sekiz nesil geçensoň ykjam Fiesta-nyň maşgalasyny öndürmegini bes eder. Bu islegiň pese düşmegi we kompaniýanyň elektrifikasiýalaşdyrmaklyga tarap häzirki umumy ugry bilen bagly diýip, Autocar ýazýar.

Ford Fiesta islegiň peselmeginde gönüden-göni bäsdeşlerini (ilkinji nobatda Opel Corsa-ny), şeýle-de Forduň ýewropa hataryndaky beýleki modelleri — meselem, platformadaş Puma wsedorožnigini günäkärleýärler. Eger Fiesta isleg tomsuň ahyryna çenli, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 45%  (39 müň nusga çenli) pese gaçan bolsa, onda Ford Puma-nyň bu döwür içinde 90 müňdenem gowrak nusgasy satyn alyndy.
Fordda bu ýagdaý barada golaýdaky aýlaryň dowamynda goşmaça maglumat berjekdiklerini aýdyp, düşündiriş bermekden boýun gaçyrdylar.
2026-njy ýyla çenli kompaniýa 600 müň elektrokara çenli satmagy, on ýyllygyň aýagyna çenli bolsa içinden ot alýan hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiliginden doly ýüz öwürmegi göz öňünde tutýar.
2025-nji ýylda Ford Focus-yň maşgalasynyň önümçiligini hem ýatyrmagy meýilleşdirýär.


şu gün 10:02
1.9k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......