Google ähli gurluşlarda YouTube-yň dizaýnyny we pleýerini üýtgetdi

  • 27.10.2022 13:19
  • 5.9k+

Google kompaniýasy ähli gurluşlarda YouTube-yň dizaýnyny we pleýerini üýtgedendigini bildiriş etdi, bu barada Youtube-yň blogynda habar berilýär.

YouTube-daky wideorolikler gaýtadan saradylanda hronometražyň çyzygynda takyk prewýu şöhlelener. Şeýlelikde, ulanyjylara wideoda gerekli pursatlary gözlemek ýeňil düşer.
Ulanyjylara, galareýalarda suratlary edişleri ýaly, barmaklary bilen suraty ulaldyp, wideony golaýlatmaga mümkinçilik bererler. Funksiýa pinch-to-zoom adyny aldy. Ozal agzalan opsiýany Google YouTube Premium-yň abunaçylarynyň arasynda synag edip gördi.
Şeýle-de, YouTube-da "reňkleri dinamiki saýlap almak" diýilýäni peýda bolar. Bu funksiýanyň üsti bilen goşundynyň interfeýsiniň reňk gammasy wideonyň dominirleýji reňkine uýgunlaşýar. Goşundylardaky garaňky tema we wideohostingiň web-wersiýalary öňküdenem garaňkyrar: eger öň çal öwüşginler ulanylan bolsa, indi olar doly garalar.
Google kompaniýasy eýýäm 24-nji oktýabrdan agzalan ähli täzelikleri ornaşdyryp başlady. Ýuwaş-ýuwaşdan olar ähli ulanyjylara elýeter bolar.


30.05.2026 11:28
1.4k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 09:36
1.5k+

YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi....