Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministrini wezipä girişmegi bilen gutlady

  • 27.10.2022 12:49
  • 9.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Rişi Sunaga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......