Hyundai çärýekdäki arassa girdejisini 5,1% azaltdy

  • 25.10.2022 17:03
  • 4.9k+

2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde Günorta Koreýanyň Hyundai Motor Co. awtoöndürijisi arassa girdejisini ýyllyk hasabynda 5,1% - 1,411 trln wona çenli ($987,3 mln) azaltdy. Bu barada kompaniýa salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

Analitikler ortaça 2,403 trln wona bolmagyny çaklapdylar. Iýul – sentýabr aýlarynda kompaniýanyň operasion girdejisi 3,4% azalyp, 1,552 trln wona barabar boldy. Girdejiniň azalmagy, esasan, näsazlygy bolan hereketlendirijileri yzyna gaýtarmak üçin edilen çykdajylar bilen baglanyşyklydyr.
Şol bir wagtyň özünde girdeji 30,6% ýokarlanyp, 37,705 trln wona ýetdi.
Geçen çärýek Hyundai-yň satuwy 14% - 1,02 mln awtomobile çenli ýokarlandy. Muňa garamazdan, kompaniýa 2022-nji ýyl üçin satuw çaklamasyny öň meýilleşdirilen 4,32 mln awtomobilden 4,01 mln awtomobile çenli peseltdi. Eger garaşylanlar ýerine ýetirilse, görkeziji 2021-nji ýylyň netijesinden (3,89 mln awtomobil) 3,1% ýokary bolar.
Şol bir wagtyň özünde, awtoöndüriji girdejiniň ösüşi baradaky çaklamasyny öň garaşylan 13-14%-den 19-20%-e çenli ýokarlandyrdy. Bu milli walýutanyň hümmetiniň peselmegi bilen baglanyşyklydyr, çünki bu Hyundai awtomobillerini daşary ýurtly alyjylar üçin has özüne çekiji edýär. Kompaniýanyň satuwynyň tas 60%-i eksportyň paýyna düşýär.
2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 22,7% (38,3 trln wona çenli) pese gaçdy.


12.06.2026 08:19
2.2k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......