Rişi Sunak Beýik Britaniýanyň premýer-ministri bolar

  • 25.10.2022 07:42
  • 10k+

Beýik Britaniýanyň öňki Maliýe ministri Rişi Sunak dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň lideri wezipesi üçin göreşde ýeňiş gazandy we premýer-ministr bolar. Bu barada partiýanyň liderini saýlamagyň tertibini kesgitleýän parlament Komiteti 1922-niň ýolbaşçysy Grem Breýdi habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Biz talaplara laýyk gelýän bir nominasiýany kabul etdik. Şeýlelik bilen, Rişi Sunak Konserwatiw partiýanyň lideri saýlandy” – diýip, Breýdi aýtdy.

Sunagyň içerki partiýa göreşinde ýeňiş gazanandygy britan parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň lideri Penni Mordont duşenbe güni Konserwatiw partiýanyň lideri we Birleşen Korollygyň premýer-ministri wezipelerine dalaş etmegi bes edýändigini mälim edenden soň belli boldy. Bu barada syýasatçy Twitterde habar berdi.
Şeýlelik bilen, gysga saýlaw kampaniýasynyň ýeňijisi ýeke-täk galan dalaşgär – 42 ýaşly öňki Maliýe ministri Rişi Sunak boldy. Konserwatorlaryň häkimiýet başyndadygyny göz öňünde tutsaň, ýakyn günlerde, ähtimal, sişenbe güni ol britan taryhynda premýer-ministr wezipesini eýelän ilkinji etnik hindi bolmak bilen hökümet başyna geçer.


14.03.2026 15:33
2.8k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...