«Red Bull» kompaniýasyny esaslandyran Ditrih Mateşis aradan çykdy

  • 23.10.2022 18:13
  • 18k+

Awstriýaly işewür, "Red Bull" energiýa beriji içgilerini öndürýän kompaniýany esaslandyryjy we "Formula-1" ulaglarynyň toparyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň adybir toparynyň eýesi Ditrih Mateşis 79 ýaşynyň içinde dünýäden ötdi. Bu barada ýekşenbe güni kompaniýanyň beýannamasyna salgylanýan Sky News teleýaýlymy habar berdi.  

Soňky bir ýarym ýylyň içinde Mateşis agyr keselländigi sebäpli köpçüligiň arasyna çykmady, birnäçe hepde mundan öň bolsa onuň saglyk ýagdaýy hasam ýaramazlaşdy.
2010-2013-nji ýyllarda "Red Bull" topary Konstruktorlaryň kubogyny utup geldi. Şol ýyllarda nemes türgeni Sebastýan Fettel dünýä çempionatynyň şahsy hasabynda birsyhly utup geldi. 2021-nji we 2022-nji ýyllarda "Red Bull"-yň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen "Formula-1"-iň çempiony boldy. 
2005-nji ýylyň aprelinde Mateşis Awstriýanyň "Zalsburg" futbol klubyny satyn alypdy. 2009-njy ýylda Leýpsigden Germaniýanyň "Red Bull" klubuny (häzirki "Leýpsig") esaslandyrypdy. 

düýn 20:17
3.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......