Boris Jonson Beýik Britaniýanyň premýeriniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin ýeterlik goldaw aldy

  • 23.10.2022 18:07
  • 13k+

Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Boris Jonson häkimlik edýän Konserwatorlar partiýasynyň we ýurduň Hökümetiniň täze baştutanynyň wezipesine dalaş etmek üçin deputatlaryň ýeterlik sanynyň goldawyna eýe boldy. Bu barada şenbe güni The Sunday Times gazetiniň baş syýasy synçysy Tim Şipman Jonsonyň ýakynyndaky çeşmelere salgylanyp habar berdi.

"Boris Jonsona ýakyn çeşme onuň 100 parlamentçiniň goldawyny alandygyny we saýlawlara gatnaşyp biljekdigini mälim etdi. "Gatnaşyp biler" — juda gyzykly aňlatma" - diýip, Şipman Twitterdäki sahypasynda ýazdy.

Öň, şenbe güni Jonson maşgalasy bilen Dominikan respublikasyndan zähmet rugsadyndan dolanyp geldi.
Jonson heniz premýerlige dalaş etjekdigi barada resmi görnüşde bildiriş etmedi.


düýn 15:33
2.6k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...