Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler

  • 23.10.2022 17:14
  • 20k+

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijesinde şu aşakdaky teklipler öňe sürüldi.
Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çägindäki syýahatçylyk infrastrukturasyny, geljekde bu etrabyň has-da depginli ösmegini üpjün etmek, şeýle hem ulag, port, senagat mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, şäheri bir edara ediş merkezinden dolandyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny ýatyrmak; etrap hukukly Gumdag, Hazar şäherleriniň hukuk derejesini üýtgedip, olara şäherçe derejesini bermek hem-de olary Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek; Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini ýatyryp, oňa oba derejesini bermek hem-de ony Hazar şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Oglanly obasyny, şeýle hem Esenguly etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek teklip edilýär.
Şeýle hem Balkan welaýaty boýunça ýerlerden gelip gowuşýan teklipler esasynda Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň adyny üýtgedip, olara taryhy adyny, ýagny Gyzylarbat adyny dakmak hem-de etrap hukukly Serdar şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek we ony Serdar etrabynyň düzümine geçirmek teklibi öňe sürüldi.
Şu nukdaýnazardan  Bereket etrabynyň Däneata geňeşligini ýatyryp, onuň Däneata obasyny Oboý geňeşliginiň düzümine geçirmek; Magtymguly etrabynyň Gyzylymam geňeşligini ýatyryp, onuň Gyzylymam obasyny Çendir geňeşliginiň düzümine geçirmek; Türkmenbaşy etrabynyň Goşaoba geňeşligini ýatyryp, onuň Goşaoba, Süýli, Ybyk we Gürji obalaryny hem-de Oglanly şäherçesiniň Hudaýberdi obasyny Akguýy geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.
Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde Bereket, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Serdar (Gyzylarbat) we Türkmenbaşy etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, 1 sany şäherdäki etraby, 6 etrapdaky şäheri, 14 şäherçäni, 30 geňeşligi we 114 sany obany galdyrmak teklip edilýär.


düýn 19:01
1.1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......