Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler

  • 23.10.2022 17:10
  • 33k+

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijesinde şu aşakdaky teklipler öňe sürüldi.

Etrap hukukly Tejen şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Tejen şäherini Tejen etrabynyň düzümine geçirmek; Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Kasamly jülge obasyny, Gäwers geňeşliginiň Guryhowdan obasyny hem-de Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Birleşik obasynyň ilatynyň 50 adamdan azlygy sebäpli, Birleşik obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Döwletabat obasynyň we Garaman geňeşliginiň Garaman obasynyň Sarahs şäherine birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirip, Döwletabat obasyny hem-de Garaman geňeşligini, şeýle hem Garaman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; şeýle hem iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ak bugdaý etrabynyň Akýaýla geňeşligini ýatyryp, onuň Akýaýla obasyny we Berkararlyk şäherçesiniň Balykçy obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşligini ýatyryp, onuň Gäwers hem-de Gäwers bekedi obalaryny Bereketli zaman şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň A.Garlyýew adyndaky obasyny Zähmet geňeşliginiň düzümine, Garajaowlak obasyny bolsa, Garawekil geňeşliginiň düzümine geçirmek; Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Şükür bagşy adyndaky obasyny Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Tejen etrabynyň Lukman geňeşligini ýatyryp, onuň Lukman obasyny  Waharman geňeşliginiň düzümine geçirmek; Tejen etrabynyň Seleňli geňeşligini ýatyryp, onuň Seleňli obasyny Zaman geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň çäginde Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs we Tejen etraplary, 8 sany etrapdaky şäherleri, 9 şäherçäni,  82 Geňeşligi we 231 sany obany galdyrmak maksadalaýyk hasaplanyldy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......