Jorja Meloni Italiýada ilkinji zenan premýer boldy

  • 23.10.2022 10:14
  • 4.9k+

Italiýanyň täze hökümeti "Italiýanyň doganlary" partiýasynyň lideri Jorja Meloniniň başda durmagynda şenbe güni prezident Serjo Mattarellyň gatnaşmagynda kasam etdirildi. Dabaraly däp şenbe güni prezidentiň Kwirinal köşgünden RaiNews teleýaýlymyna göni efirinde berildi.  

45 ýaşly Meloni Italiýada ilkinji zenan premýer boldy. Dabara onuň ýedi ýaşly gyzy Jinewra gatnaşdy.
Häzirki kabinet 25-nji sentýabrda geçen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan sagmerkezçi koalisiýadan bolan "Italiýanyň doganlary", Liga we "Öňe, Italiýa" partiýalarynyň wekillerinden ybarat. Onda jemi 24 ministr wezipesi bar (dokuz ministr portfelsiz), olaryň altysyny aýallar eýeleýär.
23-nji oktýabr güni irden Mario Dragiden Ministrler geňeşiniň täze başlygy Jorja Melonä ygtyýarlyklaryň geçiriliş dabarasy bolar. Şondan soň Ministrler geňeşiniň birinji mejlisi geçer.


16.04.2026 14:57
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

15.04.2026 11:38
1.2k+

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

30.11.2025 22:01
2.7k+

Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Rimde möhüm senelere bagyşlanan çärelere gatnaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýada ýerleşýän Palasso Walentini köşgünde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň...

24.11.2025 14:23
12k+

Altyn ätiýaçlygy boýunça ýurtlaryň infografikasy: Merkezi banklar ony çökgünlikden goranmak üçin ýygnaýarlar

Altyn iň ygtybarly we wagtyň synagyndan geçen gymmatly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Bütin dünýädäki Merkezi banklar onuň gorlaryny artdyrmagyny dowam etdirýärler, bu bolsa 2025-nji ýylda metalyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanmagyna getirdi...