Левандовски — третий игрок в XXI веке, забивший 600 голов за карьеру

  • 22.10.2022 15:42
  • 9.2k+

«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski ispan La Ligasynyň 10-njy tapgyrynyň «Willareal» bilen geçirilen oýnunda (3:0) iki gezek gol saldy.

34 ýaşly hüjümçi öz professional karýerasynda häzirki pursada çenli 601 gol girizdi. Ozal, XXI asyrda şeýle şowlulyk diňe iki sany oýunça — Kriştianu Ronaldu we Lionel Messä nesip etdi. Lewandowski öň «Delta», «Zniç» we «Leh» polýak klublary, soňra bolsa nemes «Borussiýasy» (Dortmund) we «Bawariýasy» üçin oýnapdy.
Şu möwsümde polşaly türgen Ispaniýanyň çempionatynda 10 oýunda çykyş etmek bilen, 11 gol saldy we üç sany netijeli pas berdi. Çempionlar ligasynda Lewandowski dört oýunda oýnap, bäş gezek gol saldy.


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......