Gibrid görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi

  • 21.10.2022 14:31
  • 3.3k+

20-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi.

Paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde guralan forum degişli guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de hünärmenlerini bir ýere jemledi. Oňa sanly ulgam arkaly Kanadadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan ugurdaş düzümleriň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri goşuldylar.
Çykyş edenler Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmegiň wajypdygy barada aýdyp, şäher gurluşygynda tebigy binagärlik keşbiniň eýeleýän ornuny güýçlendirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek üçin meýdança öwrüljekdigini nygtadylar.
Forumda onlaýn usulda çykyş edenler 2004-nji ýylda döredilen bu toruň sungat we ussatlyk, halk döredijiligi, dizaýn, kinematografiýa, iýmit önümleri, edebiýat, media we aýdym-saz ýaly ugurlaryň ýedisinde öz agzalarynyň döredijilik mümkinçiligini kesgitleýändigini bellediler. Oňa gatnaşýan şäherleriň işi hyzmatdaşlyk etmäge, döredijilige we medeni işlere ýardam bermek maksady bilen, gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. 

düýn 23:59
50

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......