Türkmenistanda Sport ministrliginiň deregine Bedenterbiýe we sport komiteti döredildi

  • 21.10.2022 01:34
  • 14k+

Türkmenistanda Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Degişli karar penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda kabul edildi.

Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti işini bes eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesow bu kararyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksadyna gönükdirilendigini belledi.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistan Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bolup durýar.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....