Bloomberg: global smartfon bazary 2014-nji ýyldan bäri iň ýaramaz III çärýegi başdan geçirdi

  • 20.10.2022 11:49
  • 7.3k+

2022-nji ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça smartfonlaryň global üpjünçiligi 9% pese gaçdy. Bu görkeziji soňky sekiz ýylda iň pes görkeziji bolup, ýurtlaryň köpüsinde ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pesligi bilen şertlendirildi. Bu barada Canalys kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Bu tendensiýa birnäçe faktor täsir etdi. Olaryň arasyndan hakyky girdejileriň peselmegini, Hytaýdaky lokdaunlary, raýatlary dürli tebigy baýlyklara we elektrik energiýasyna köp pul sarp etmäge mejbur eden energetika çökgünliginiň güýçlenmegini bellemek bolar.

“Xiaomi Corp., Vivo we Oppo ýaly hytaýly oýunçylar şu ýyl iki sanly pese gaçyşy hasaba aldylar. Diňe Apple-den iPhone bazarda durnuklylygy görkezmegi dowam etdirýär. Soňky üç aýda Apple global smartfon bazaryndaky paýyny 18%-e çenli artdyrdy” – diýlip, makalada bellenilýär.

Bazaryň lideri Samsung kompaniýasy bolmagynda galýar. Ol global satuwyň 22%-ini emele getirýär.

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......