Futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2023 Hytaýda däl-de, Katarda geçer

  • 18.10.2022 17:41
  • 6.3k+

Katar 2023-nji ýylda futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny kabul eder. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Aziýanyň Kubogy 16-njy iýundan 16-njy iýul aralygynda Hytaýda geçirilmelidi, ýöne şu ýylyň maý aýynda Hytaý ýurtdaky kowid çäklendirmeleri sebäpli ýaryşlary geçirmekden ýüz öwürdi.
Kataryň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň häzirki eýesidir. Katar ýaryşy üçünji gezek geçirer, mundan öň ýaryş bu ýerde 1988-nji we 2011-nji ýyllarda geçirildi. 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda dünýä çempionaty geçiriler.


şu gün 10:53
331

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......