Raýat kwadrokopteri ilkinji gezek Ewerest dagynyň depesine çykdy

  • 16.10.2022 20:04
  • 10k+

Hytaýyň 8KRAW suratçylar birleşiginiň entuazistleri Ewerest dagynyň gerşine dünýäde ilkinji ekspedisiýany guradylar, onuň esasy gatnaşyjysy kwadrokopter boldy. Bu barada The Register neşiri ýazýar.

Suratçylar DJI Mavic 3 gurluşyny saýlamagy makul tapdylar. Agzalan dronyň zawod häsiýetnamasy oňa deňiz derejesinden 6 müň metr ýokary galmaga we Selsiýa boýunça minus 10 derejeden pes temperaturada işlemäge mümkinçilik bermeýändigi üçin entuazistler seriýa modelini modifisirlemeli boldular.
Muňa DJI kompaniýasynyň ýardam berendigi bellenýär. 8,9 müň metr dagyň üstüne çykyp biler we pes temperatura çydar ýaly, Mavic 3-iň nämesiniň üýtgedilendigi barada žurnalistleriň beren sowallaryny öndüriji jogapsyz galdyrdy.
Hiç bir zada bakman, suratçylara drony 9,2 müň metr belentlige galdyrmak we Ewerestiň daşyndan aýlap, ýüzugra dagy owadan rakurslardan surata düşürmek başartdy. Alnan kadrlar üç minutlyk wideo görnüşinde kebşirlendi we DJI-niň resmi YouTube-kanalynda goýuldy.

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......