Şahtadan tapylan XIX asyra degişli Levi's jinsileri 87400 dollara satyldy

  • 15.10.2022 09:39
  • 26k+

Nýu-Meksiko ştatyndaky taşlanan şahtadan tapylan, 1880-nji ýylda öndürilen bir jübüt Levi jinsisi auksionda 87 400 dollara satyldy. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berýär.

Jinsini «jinsi arheologlary» tapdylar. 23 ýaşly Kaýl Hanter we wintaž jinsi geýimleriniň söwdasynyň weterany Zil Stiwenson jinsileriň täze eýeleri boldular. 
Bir jübüt jinsiniň bahasy rekord boldy. Auksioneriň sözlerine görä, jinsiler geýmäge ýaramly hasaplanýar. 
Levi's firmasynyň jinsileri XIX asyryň amerikan şahtaçylarynyň we dag-magdan senagatynyň işçileriniň arasynda ýoň bolupdyr. Kompaniýa 1853-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Firmany esaslandyryjy Lewaý Strauss taýyn balaklary we beýleki harytlary altyn gözleýjileriň lagerlerine we golaý-goltumdaky şäherçelere eltip, paýlaşdyrar eken.


16.04.2026 20:55
3.1k+

ABŞ-da kuwwaty 100 ýyla ýetýän ýadro batareýasy oýlap tapyldy

Amerikanyň NRD LLC kompaniýasy hiç hili hyzmat talap etmezden 100 ýyllap pes güýçli elektronikany energiýa bilen üpjün edip bilýän NBV gaty jisimli ýadro batareýasyny döretdi. Enjam nikel-63 izotopynyň......

15.04.2026 10:55
2k+

ABŞ-da garrama garşy öýjük terapiýasyny synagdan geçirip başlarlar

Life Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy şu ýyl ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmelere garşy göreşmek üçin, öýjükleri bölekleýin täzeden programmirlemek usulynyň ilkinji kliniki synaglaryna başlamagy......

13.04.2026 20:25
9.6k+

UFC-niň hemaýatkäri Ak tamda geçjek turniriň söweşijilerine 1 million dollar bonus berer

14-nji iýunda ABŞ-nyň Ak tamynda geçiriljek UFC turniriniň gatnaşyjylary umumy bahasy 1 million dollar bolan goşmaça baýraklary almak mümkinçiligine eýe bolar. Bu jomartlygy UFC-niň hyzmatdaşy bolan Crypto......

13.04.2026 01:30
10k+

«Bu oýun däl»: ABŞ-nyň häkimiýetleri geýmerleri awiadispetçer wezipesine işe alyp başladylar

ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdiriýeti (FAA) we Ulag ministrligi kadr ýetmezçiligi meselesini çözmek maksady bilen, wideooýun muşdaklaryny awiadispetçerlige çekmek boýunça giň gerimli kampaniýa başladylar....