«Dýuna» filminiň ikinji bölümi iki hepde ir çykar

  • 14.10.2022 12:00
  • 8.6k+

The Hollywood Reporter neşiriniň berýän maglumatyna görä, «Dýuna»-nyň ikinji bölümini döredijiler filmiň çykjak wagtyny üýtgetmegi karar etdiler — indi ol iki hepde öň çykar. Başda meýilleşdirilişi ýaly, 17-nji noýabrda däl-de, noýabryň 3-ne çykar.

Ilki, 3-nji noýabrda Marvel Studios-yň «Bleýd»-i çykmalydy, ýöne filmiň görkezilişiniň 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabryna geçirilýändigi mälim boldy. Filmiň, režissýorynyň ýoklugyndan we ssenariýasynyň ýaramazlygyndan başlap, birtopar meselesi bar.
Filmiň sýužeti Pol Atreýdese we onuň ýerli ilatyň arasynda tanymal adama öwrülişine bagyşlanýar. Gahryman hemmäniň sylagly adamy bolmaly. Onuň keşbini Timoti Şalame ýerine ýetirýär. Onuň bilen birlikde birinji bölümiň aktýorlarynyň hemmesi filme dolanyp gelýär, täze gelenlerden Florens Pýu bilen Ostin Batleriň atlaryny agzamak bolar — olar degişlilikde şa gyzy Irulan Korrinonyň we Feýd-Rauta Harkonnenyň keşplerinde oýnaýarlar.
Birinji «Dýuna» 2021-nji ýylda çykdy we tankytçylardanam, tomaşaçylardanam oňyn seslenme aldy. Ýogsa-da, Marvel «Bleýd»-denem başga, beýleki filmlerini hem soňa goýdy.  

düýn 23:59
50

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......