Mercedes-Benz III çärýekde satuwy 21% ýokarlandyrdy

  • 13.10.2022 17:31
  • 6.8k+

2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde Germaniýanyň Mercedes-Benz AG awtoöndürijisi dowam edýän ýarym geçiriji bölekleriň ýetmezçiligine we üpjünçilik zynjyryndaky beýleki meselelere garamazdan, satuwy ýyllyk hasabynda 21% ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, geçen çärýek onuň global satuwy 517,8 müň awtomobile barabar boldy. Elektromobil satuwy iki esseden gowrak – 30 müňe çenli ýokarlandy. 2022-nji ýylyň üç çärýeginde görkeziji 2,3 esse ýokarlanyp, 75,4 müňe ýetdi.
Awtokonserniň Maybach we S-Class awtomobillerini öz içine alýan gymmat segmentinde satuw iýul – sentýabr aýynda 1% azalyp, 77,5 müň boldy.
Üçünji çärýekde Aziýada Mercedes-Benz-iň satuwy geçen ýylyň iýul – sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende, 28% ýokarlanyp, 260,5 müň awtomobile ýetdi. Şol sanda, Hytaýda 206,8 müň awotulag satyldy – bu bir ýyl ozalkydan 37% köpdür.
Ýewropada awtokonserniň awtomobilleriniň satuwy 18%, 152,7 müň birlige çenli, Demirgazyk Amerikada 26%, 83,2 müň birlige çenli ýokarlandy. ABŞ-da konserniň satuwy 31% ýokarlanyp, 72,4 müň boldy.
2022-nji ýylyň başyndan bäri Mercedes-Benz-iň bazar kapitallaşdyrmasy 24% peseldi.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....