Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
Men hünäriniň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen amerikan esgerlerine ok atmakdan sapak berdim. Olaryň çirksiz mergen bolmaklaryna ýardam edýän model tapyldy. Men karateniň ussatlarynyň sungaty bilen gyzyklandym, olaryň edýän hereketlerini, pikirlerini yzarladym. Maňa professional hem höwesjeňleriň sportunda, hatda Olimpiýa oýunlarynda-da atletleriň gazanýan netijesini ýokarlandyrmak başartdy. Men ol türgenlere gerek ýokary dereje gazanmaklary üçin, modelirlemegiň zerur ýollaryny tapyp, soň hem öz basyrylgy kuwwatyny peýdalanmagyň ýollaryny görkezdim.
Başgalaryň üstünliginden bat almagy öwrenmegi iň esasy ýollaryň biri hasaplaýaryn. Häzirki zaman tehnologiýasynyň dünýäsinde senagatdaky ýa-da kompýuterdäki ösüş, nähili-de bolsa bir tebigy ýol bilen, aslyýetinde bar bolan ozalky açyşlaryň kömegi bilen ýüze çykýar. Telekeçilik dünýäsinde geçmişiň mekdebini sapak edinmeýän, maglumatlary düýpli öwrenmeýän kompaniýalaryň işleri rowaç bolup bilmez.
Oňa garamazdan, adam psihologiýasynyň dünýäsi henize çenli-de köp ugurlarda könelişen taglymdan peýdalanýan hem köne maglumatlara daýanýar. Biziň köpimiz henizem beýnimizi, hususy hereketimizi on dokuzynjy asyryň durgunlyk döwrüniň sapak edinen modellerine daýanyp işledýäris. Döşümizden «göwnüçökgünlik» diýen ýazgyny asýarys. Soňundanam, ýene şol göwnüçökgünlige çümýäris. Ýagdaýa şeýle baha bermek öz-özünden amala aşan bilgiçligem bolup biler. Bu kitapda ýaşaýşyň islendik derejesine ýetmäge kömek etjek usullaryň aňsatja tilsimatlary okyja hödürlenýär.
Bendler bilen Graýnder adam kämilligine ýetmekligiň islendik görnüşini gazanmak üçin üç sany esasy element açdylar. Fiziki hem akyl hereketiniň ol üç görnüşi gazanan netijelerimiziň hiline dogry gabat gelýär. Ol görnüşleri meýlis geçiriljek ýere tarap açylýan üç sany gapa meňzetseň bolar.
Birinji gapy kesgitli bir adamyň ynam ulgamyny aňladýar. Adamyň ynamy, onuň haýsy bir zadyň amala aşmagynyň mümkindigine ýa-da mümkin däldigine ynanyşy, onuň işi başarjakdygyny ýa-da başaryp bilmejegini aňladýar. Köneden gelýän bir aýtgy bar. Ol şeýle: «Bir zady bitirmegi başarjakdygyňyza ynansaňyzam siziňki dogry, ynanmasaňyzam». Belli bir bir derejede ol adalatly aýdylan söz. Siziň aňyňyz fiziki mümkinçiligiňiziň çäklidiginiň, işi bitirmegi başarjakdygyňyza ynam etmeýändigiňiziň habaryny degna ulgamyňyza hemişe ýetirip durýar. Beýleki tarapdan, eger-de siz haýsydyr bir işi bitirip biljekdigiňiziň habaryny degna ulgamyňyza yzygiderli ýetirip dursaňyz, ol ulgam siziň iberen habaryňyzyň gerekli jogabynyň modelirlenen görnüşini yzyna ýollaýar. Şeýle hem ol işiň amala aşyrylmagy üçin siziň aňyňyzda zerur bolan çäreleriň döremegine ýardam edýär. Şonuň üçinem eger siz başga bir kişiniň ynam ulgamyny modelirläp bilseňiz, onuň maksadyna ýetmek ugrundaky hereketiniň ilkinji ädimini ädendigiňize ynanaýyň. Ynam etmek ulgamyna 4-nji bapda has düýpli serederis.
Biziň açmaly ikinji gapymyz ― adamyň akyl sintaksisi. Akyl sintaksisi adamlaryň ukybyň kömegi bilen öz pikirlerini döredip bilmekliginiň özeni. Sintaksis kodlaşdyrmak ulgamyna meňzeş.Telefon belgisinde, bary-ýogy, ýedi san bar. Siz gerek ýeriňize jaň etmek üçin, şol sanlary dogry yzygiderlilikde basmaly. Islenen netijäni almak üçin, beýniňiziň ýa-da degna ulgamyňyzyň zerur bolan bölegine «til kakmaly» bolan halatynda-da, şu usul dogrudyr. Ol hemme aragatnaşyk ugurlaryna degişlilikde hem şeýle. Köp halatlarda başga kody ýa-da başga akyl sintaksisini ulanýandyklary sebäpli, adamlar ylalaşyp bilmeýärler. Bu ulgamdaky ýagdaýa düşünseňiz, siz ikinji gapynyň hem bosagasyndan ätläp bilersiňiz. Ol gapy adam häsiýetleriniň iň gowularynyň modelirlenýän ýerine eltýär. Biz ol mowzuga 7-nji bölümde gararys.
(dowamy bar).