Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy

  • 11.10.2022 23:08
  • 6.5k+

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz  dizaýn” atly halkara sergi açyldy. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň,  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň ylmy we bilimi ösdürmek, medeniýet hem-de milli mirasy aýawly saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklaryny beýan edýän ekspozisiýalar ýerleşdirildi. Ägirt uly monitorlar, yşykly bannerler ornaşdyrylan diwarlyklarda häzirki zaman türkmen megapolisiniň durmuşynyň giň ugurlary görkezildi.
Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň türkmen paýtagtynda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, Aşgabadyň döwrebap, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasyny özünde jemleýändigi bilen şertlendirilendir. Türkmen bazarynda özlerini öňdebaryjylaryň hatarynda görkezen daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “Gap Inşaat”, “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Tijaret A.Ş.” türk kompaniýalary bu babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mümkinçiliklerini görkezýärler we tekliplerini öňe sürýärler.
Ýaýbaňlandyrylan işleriň giň gerimliligini beýan etmek üçin sergide edara binalarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly nusgalarydyr çyzgylary ýerleşdirildi. Bu ýerde görkezilýän innowasion taslamalaryň aglabasy şäher giňişliginiň mundan beýläk-de maksatlaýyn, düzümleýin we estetik ösüşini syn etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri hem-de hususy haryt öndürijileri şäher gurluşygynda we halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda ― poligrafiýadan başlap, dokma we mebel önümçiligine çenli eýeleýän orunlaryny has-da berkidýärler. Olar senagat, binagärlik, kompýuter dizaýny ulgamynda öz mümkinçiliklerini giňeldýärler. Şu sergide “Çigildem”, “Aýbölek”, “Ýaşyl ýyldyrym”, “Meşhur interiors”, “Erjel Begenç” ýaly hususy kärhanalar we beýlekiler öz önümleridir hyzmatlaryny hödürlediler.
Serginiň çäklerinde Aşgabadyň Modalar öýüniň hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümhanalarynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze lybaslaryň toplumy görkezildi.


19.03.2025 15:02
13k+

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

17.03.2025 07:57
10k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...

26.05.2024 20:34
7.6k+

Italiýa Yzzat Gylyjowyň gözi bilen: suratkeşiň Italiýa bagyşlanan eserleriniň sergisi geçirilýär

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň eserleriniň sergisi açyldy we türkmen suratkeşiniň Italiýa eden sapary wagtynda alan täsirleri barada gürrüň berildi. Bu barada...

11.10.2022 23:09
6.5k+

“Dizaýn — 2022” Aşgabat forumyna daşary ýurtly dizaýnerler hem gatnaşdylar

11-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda “Dizaýn — 2022” forumy geçirildi. Oňa ýaş we tejribeli binagärler, şäher gurşawynyň dizaýn ulgamynda işleýän hünärmenler, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşyga...