Hökümetiň giňişleýin mejlisinde 9 aýky işleriň netijeleri seljerildi

  • 11.10.2022 12:38
  • 8.2k+

10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Milli Geňeşiň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Onda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Gün tertibine laýyklykda, şu ýylyň dokuz aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Ýangyç-energetika, senagat, gurluşyk, söwda, dokma, obasenagat toplumlarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda, daşary syýasatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hasabatlaryň özenini düzdi. Şeýle-de Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy.
Döwlet Baştutany öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmek we onuň ähli maddalaryna garamak barada görkezme berildi.
Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlary şu gün ýurdumyzda giňden baýram edilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady hem-de baýramçylyk mynasybetli bu ulgamyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.


şu gün 17:00
2.4k+

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy...

şu gün 16:39
2.1k+

Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi...

şu gün 13:14
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...

şu gün 13:10
1k+

Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy...