Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy

  • 10.10.2022 08:48
  • 44k+

Iki agyrlyk kategoriýasynda UFC-iň eks-çempiony, irlandiýaly pälwan Konor Makgregor ýeňil agramda (70 kg-a çenli) UFC titulyna öňki dalaşgär, amerikaly türgen Jastin Getji bilen güýç synanyşyp biler diýip, MMA Pack öz sosial torunda habar berýär.

Owal Makgregor indiki tutluşygyny ýarym orta agramda geçirjekdigini yglan edipdi, Getji bolsa irlandiýaly türgeniň bäsdeşi bolup çykyş etmäge esasy dalaşgär hasaplanýar.
Makgregor 2021-nji ýylyň tomsunda geçen UFC 264-iň garyşyk başa-baş göreş boýunça turnirinde aýagy döwlüp, ABŞ-yň wekili Dastin Porýeden utulany bäri tutluşyga çykmandy.
Getji bolsa özüniň 2022-nji ýylyň 7-nji maýyndaky soňky göreşinde Çarlz Oliweýradan ýeňlipdi. Ozal amerikaly türgen 2022-nji ýylyň ahryna çenli göreşe çykmajakdygyny mälim edipdi.  


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......