Mercedes-Benz täzelenen A-Class-y görkezdi

  • 10.10.2022 08:45
  • 15k+

Mercedes-Benz kompaniýasy  A-Class-yň kiçi modeliniň täzelenen wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Ulagy sedan ýa-da hetçbek kuzowynda satyn almak bolar. Täze ulag Ýewropada satuwa üstümizdäki ýyl soňlanmanka çykar. Restaýling modeliniň bahasy biraz soňrak mälim ediler. Täzelenen  A-Class radiatoryň täze gözenegine, başga bamperlere we görnüşi üýtgedilen swetodiod optika eýe boldy. Ulagyň salonynda sanly pribor panelini, multimedia ulgamynyň 10,25 dýuýmlyk ekranyny we goşalandyrylan spisaly desti oturtdylar. Sürüjä gowulandyrylan grafikaly we ses komandalaryny tanaýan doly işlenen funksiýaly döwrebaplaşdyrylan MBUX multimedia ulgamy elýeter boldy. 

Modelde indi peredaçanyň mehaniki korobkasy ýok. Şeýle hem indi ähli benzinli motorlar ýerinden gozgananda 14 a.g.-ni goşýan  48 woltlyk starter-generator bilen bilelikde işleýär.
Şeýle-de täzelenen A-Class-yň dizel hereketlendirijili görnüşini hem satyn alyp bolýar. Emma şeýle motorlar (116, 150 we 190 a.g.) ulagyň diňe öňi priwodnoýly wersiýalary üçin elýeter. Mundan hem başga, müşderilere kuwwaty 218 a.g.-ne deň bolan zarýad berilýän gibrid Mercedes-Benz A 250 e-ni teklip ederler. 
Onsoňam, awtoulag iki sany "zarýad berlen" AMG-wersiýany aldy. Mercedes-AMG A 35 modifikasiýasyndaky sedan we hetçbek 306 a.g.-ni berýän 2,0 litrlik agregat bilen enjamlaşdyrylan. Öz nobatynda,   Mercedes-AMG A 45  S hetçbek kuwwaty 421 a.g.-ne deň bolan 2,0 litrlik motora eýe boldy.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....