Amerikalylaryň Hellowin üçin çykdajylary rekord derejä ýetip biler

  • 09.10.2022 07:42
  • 18k+

Amerikalylaryň 31-nji oktýabrda Hellowin baýramyny bellemek üçin çykdajylary bas­syr ikinji ýyl rekord derejä – bu gezek 10,6 mlrd dollara ýe­tip biler. Muny Milli bölek söwda federa­siýasynyň (NRF) pikir soraşmasy görkezdi diýip, Interfax.ru habar berýär.

Pikir soraşma 1-nji sentýabrdan 6-njy se­ntýabr aralygynda 8,­28 müň amerikalynyň arasynda geçirildi. Olardan kädi, süýji, aksessuar, egin-eşi­k, otkrytka we temat­iki oturylyşyklar üç­in göz öňünde tutulý­an çykdajylar barada soraldy.

2021-nji ýylda geçir­ilen pikir soraşma amerikalylaryň baýram­çylyk üçin 10,1 mlrd dollar sarp etmegi meýilleşdirendikleri­ni görkezdi.

Hellowin baýramyny bellemäge geçen ýylky 65% we 2019-njy ýyl­daky 68% bilen deňeş­dirilende, sorag edi­lenleriň 69%-i gatna­şmagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özü­nde sarp edijiler ba­ýramçylyga ortaça 100 dollar sarp etmekçi bolýar, bu bolsa rekord bolan geçen ýy­lky 103 dollardan pe­sdir.

Soňky ýyllarda Hello­wine taýýarlyk has ir başlaýar: geçen ýy­lky 45%-e garanyňda, sorag edilenleriň 47%-i satyn alyşlary sentýabr aýynda başl­amagy meýilleşdiripd­ir.

Pikir soraşmanyň net­ijelerine görä, çaga­lar we ulular üçin egin-eşik çykdajysy soňky bäş ýylda iň ýo­kary derejä – 2,9 ml­rd dollara, haýwanlar üçin 710 mln dolla­ra ýeter.

Bu ýyl çagalar üçin amerikalylar, esasan, Möý adamynyň, şa gyzynyň, jadygöýleriň we arwahlaryň keşbi­ni saýlaýarlar. Uly adamlar jadygöýleriň, wampirleriň, arwah­laryň we deňiz galta­manynyň egin-eşikler­ini has ýakyn görýär­ler. Ähli ýaşdakylar üçin meşhurlygy boý­unça bäşinji orunda Betmen ýerleşýär.


şu gün 00:57
346

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......