Marvel «Gara panteranyň» dowamynyň jemleýji treýlerini görkezdi

  • 06.10.2022 21:39
  • 8.9k+

Marvel Studios kompaniýasy ýakynda görkeziljek «Gara pantera: Wakanda ebedi» filminiň jemleýji treýlerini çap etdi. Filmiň dünýä görkezilişi 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda bolar.

Gysga rolikde super gahrymançylykly filmiň esasy hereket edýän gahrymanlary görkezildi, onda baş keşplerde Letişa Raýt, Lupita Niongo, Danaý Gurira we Uinston Dýuk dagy oýnaýarlar. Režissýory ýene Raýan Kugler boldy.
2018-nji ýylda «Gara panteranyň» asyl nusgasynda T'Çalluwyň keşbini ýerine ýetiren Çedwik Bouzman sikwele gatnaşmaz. 2020-nji ýylda aktýor rak bilen keselläp ýogalypdy. Filmde görkezilýän käbir binalaryň öňüni bezeýän onuň ýüzi çekilen graffitler täze filmiň awtorlarynyň Bouzmana goýan hormatyndan nyşandyr.
2020-nji ýylyň dekabrynda «Wakanda ebediniň» döredijileriniň Bouzmanyň ornuny tutjak adamy gözlemek niýetleriniň ýokdugy mälim boldy. Şonda Marvel studiasynyň ýolbaşçysy Kwin Faýgi filmde esasy ünsüň birinji bölümiň dowamyna we beýleki gahrymanlaryň sýužet liniýalarynyň ösüşine berilýändigini düşündirdi.
«Gara pantera: Wakanda ebedi» filminiň birinji treýleri iýulyň ahyrynda çykdy. Ilkinji gije-gündiziniň dowamynda rolik YouTube-da 17 mln tomaşa jemledi, tizeriň tomaşaçylarynyň umumy sany 172 mln adama ýetdi. 

düýn 23:59
3

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......