Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpiniň döwleti dolandyrmakda üstünliklerine baha berdi

  • 04.10.2022 23:16
  • 6.9k+

4-nji oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň barşynda, HHR-iň ilçihanasynyň metbugat-attaşesi Türkmenistanyň «Döwlet – adam üçindir!» diýen möhüm şygary we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň öňe süren «Adam hemme zatdan ýokarydyr», «Halkyň bähbidine dolandyrmak» atly konsepsiýalaryň bir-birine gabat gelýändigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň konsepsiýalaryna we döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýändigini sorady.

— Bu üstünlikler örän özboluşlydyr we olarda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň aýgytlaýjy hyzmaty gürrüňsizdir. Taryhy ölçegler boýunça örän gysga möhletde Hytaý dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň liderine öwrüldi — diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Senagat önümçiliginiň durnukly ýokary ösüşini, giň gerimli durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etdi. Hytaýa ägirt uly netijeleri gazanmak – garyplygy ýeňip geçmek başartdy. Häzirki döwürde hem siziň ýurduňyz ählumumy abadançylyk döwletini döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Şeýle ägirt uly üstünlikleriň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň syýasy erk-isleginiň, aýgytly hereketleriniň we onuň işläp taýýarlan ýalňyşsyz strategik ugrunyň, hytaý halky tarapyndan goldawyň we düşünmegiň netijesinde mümkin bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylarynyň parasatlylygy we öňdengörüjiligi ýurda durnuklylyk, öz güýçlerine ynanmak ýagdaýynda milli galkynyş we gülläp ösüş ýoluna düşmäge, şol ýol bilen yzygiderli we gyşarnyksyz öňe gitmäge mümkinçilik berdi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýäde siziň ýurduňyza ägirt uly at-abraý we hormat getirmegi ýöne ýere däldir. Bu syýasaty Ýer ýüzüniň döwletleriniň köp bölegi, şol sanda Türkmenistan hem goldaýar.

Wan Sziu şeýle hem Başlyk Si Szinpiniň «Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigini gurmak» atly konsepsiýasyn ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine nähili täsir edendigini sorady.

— Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, gürrüňsiz, häzirki zamanyň iň görnükli we giň gözýetimli döwlet we syýasy işgärleriniň biri bolup durýar. Hytaý halkynyň taryhynda tutuş bir eýýam onuň ady bilen baglydyr.

Başlyk Si Szinpiniň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň bileleşigini gurmak» atly konsepsiýasyna Hytaýyň we Türkmenistanyň Bitewi ykbal bileleşiginiň goşulmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu örän giň möçberli we çuň kesgitlemedir. Ol biziň döwletlerimiziň öz ösüşiniň strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryny, her bir ýurduň bütin adamzadyň ykbaly üçin jogapkärçiligine esaslanan deňhukuklylyga, hormat goýmaga, gatyşmazlyga, düşnükli we üýtgewsiz kadalary tassyklamaga daýanýan adalatly dünýä tertibini gurmakda çemeleşmeleriň we maksatlaryň umumylygyny görkezýär.

«Adamzadyň bitewi ykbalynyň bileleşigini gurmak» konsepsiýasy bu manyda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär. Durnukly ösüşiň, täze howplary we wehimleri üstünlikli ýeňip geçmegiň gün tertibi boýunça halkara giňişliginde bilelikde netijeli işlemek üçin binýatlyk şertleri döredýär — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy jogap berdi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......