Täze Toyota Corolla 2023 tanyşdyryldy

  • 04.10.2022 21:39
  • 37k+

Toyota kompaniýasy ýapon bazary üçin 2023-nji model ýylynyň täzelenen Corolla maşgalasy bilen tanyşdyrdy. Bu tapgyrda ýaponlar turbonadduwdan bütinleý boýun gaçyrdylar we diňe iki görnüşli güýç gurluşy — benzin bilen işleýän atmosfera hereketlendirijisi we gibrid bilen çäklendiler.

1,8 litrlik gibrid wersiýasy gowulandyrylan elektrohereketlendirijä, 1,5 we 2,0 litrlikleri bolsa ýangyjyň has gowy tygşytlanmagyny üpjün edýän benzin modeline - modifisirlenen hereketlendirijä eýe boldy. Ondan hem başga, islege görä eksterýeriniň detallary täzelenen kuzowyň täze reňkleri hödürlenýär.


Corolla gammasyndan, turbomotor bilen birlikde, Ýaponiýa üçin yzky oky muftuly "mehaniki" doly priwod hem ýitdi.
Üç silindrli 1,5 litrlik 120-güýçli hereketlendiriji sedan we uniwersal üçin, hetçbek üçin bolsa 2,0 litrlik 170-güýçli "atmosfernik" baza boldy. Agregatlaryň ikisi hem Direct Shift wariatorly bug bilen işleýär.


Awtoulaglar daşyndan seredeňde täze faralary bilen göze ilýär, beýlekisi radiatorynyň gözenegi we bezegi bilen tapawutlanýar. Irki wersiýalarynyň içinde sanly abzal modeli, ekrany 10,5 dýuýma çenli ulaldylan multimedia ulgamy we wideoregistrator peýda boldy.
Ýaponiýada sedan şolbada 13 700 dollardan satylyp başlandy. Uniwersal Touring-iň nyrhy 14 300 dollardan başlaýar, Corolla Sport heçbegine bolsa 15 200 dollar nyrh kesilýär.


16.06.2026 09:57
5.4k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......